ABŞ Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Ýaraşyk Gepleşiklerini Goldaýar

ABŞ, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda dowam edýän ýaraşyk gepleşiklerini goldaýandygyny we ylalaşyk gazanmagyň mümkindigine ynanýandygyny beýan etdi.

2105941
ABŞ Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Ýaraşyk Gepleşiklerini Goldaýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Metýu Miller gündelik metbugat brifinginde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gepleşikler boýunça pozisiýalary hakynda durup geçdi.

Miller; “ABŞ iki ýurduň arasynda ylalaşygyň gazanylmagyny goldaýar we oňa goldawymyz dowam eder” diýip, resmi Bakuw bilen Ýerewanyň arasynda ýaraşyk ylalaşygynyň “elýeterli” sepgitdedigini beýan etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entony Blinkeniň geçen hepde Mýunhen howpsuzlyk maslahatynyň çäginde Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri bilen duşuşandygyny, şol duşuşyklarda ABŞ-nyň gepleşikler tapgyryna goldawyny beýan edendigini nygtan Miller, netije alynyp bilinmedik käbir meseleleriň çözülmegi üçin iki ýurduň tagalla edýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar