Finlýandiýa we Şwesiýa Rus Ilçilerini Daşary Işler Ministrliklerine Çagyrdy

Alekseý Nawalnynyň tussaghanada ölmegi bilen baglylykda ilçiler daşary işler ministrlillerine çagyryldy.

2104867
Finlýandiýa we Şwesiýa Rus Ilçilerini Daşary Işler Ministrliklerine Çagyrdy

Finlýandiýa we Şwesiýa ýurtlaryndaky rus Ilçilerini rus oppozisioneri Alekseý Nawalnynyň tussaghanada ölmegi bilen baglylykda daşary işler ministrligine çagyrdy.

Finlýandiýanyň Daşary işler ministrligi, rus diplomatyny “Nawalnynyň ölüminden Russiýanyň jogapkärdigini we aç-açan derňew işiniň geçirilmegini talap edýändiklerini nygtamak üçin” ministrlige çagyrandyklaryny beýan etdi.

Beýannamada; “Russiýadaky ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagy üçin çagyryşymyzy dowam etdireris” diýilýär.

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrom bolsa ÝB-niň Nawalnynyň ölümi boýunça işe girişmelidigini beýan etdi.

Billstrom beýannamasynda; “ÝB, Russiýadaky syýasy gysyşa garşy işe girişmeli. Ol, esasanda Nawalnynyň Russiýada tussaghanada ölmeginden soň möhüm” diýdi.

Ministr Billstrom Şwesiýanyň ÝB-niň Russiýa üçin goşmaça sanksiýa ähtimallarynyň öwrenilmegi üçin insiatiwa alandygyny beýan etdi.

Russiýanyň Fedetiw Tussaghana hyzmatlary gullugy Alekseý Nawalnynyň 16-njy fewralda aradan çykandygyny we ölüm sebäbiniň öwreniljekdigini habar beripdi.

Russiýanyň kazyýeti awgust aýynda tussaghanadaky Nawalnyny radikal topar döretmek sebäpli 19 ýyl azatlykdan mahrum edipdi.



Degişli Habarlar