Donald Tramp sport aýakgaby we atyr satmaga başlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) öňki prezidenti Donald Trump 6-njy noýabrda geçiriljek prezident saýlawlarynda kampaniýasyny maliýeleşdirmek üçin sport aýakgaby we atyr satmaga başlady

2104215
Donald Tramp sport aýakgaby we atyr satmaga başlady

Ýüz millionlarça dollar jerime tölemeli boljak Donald Trump sport aýakgaby satmaga başlady.

Donald Tramp "Dünýäniň iň ajaýyp sport aýakgaby" şygary bilen 399 dollar gymmadyndaky täze önümini tanyşdyrdy. 

Filadelfiýa ştatynda geçirilen tanyşdyrylyş çäresinde Donald Tramp, aýakgap öndürmek baradaky pikiriniň eýýäm 10 ýyl bäri bardygyny habar berdi. 

Tramp ýüzünde ABŞ-nyň baýdagy hem bolan altyn reňkli aýakgap bilen birlikde şeýle hem 99 dollara atyr satýar. 

Aýakgabyň tanyşdyrylyş çäresi Trampyň Nýu-Ýorkda galplyk etmek bilen günäkärlenmeginden soň boldy. 

Galplyk günäsinden 355 million dollar jerime salynan Trump başga bir kazyýet işi boýunça bolsa, ýagny töhmet atmak bilen bolsa üçin 83 million dollar jerime salyndy.

Kanuny göterimleri hem goşmak bilen birlikde iki aýry kazyýet işi boýunça Trumpyň tölejek mukdary ýarym milliard dollardan geçer diýlip çaklanylýar.



Degişli Habarlar