Braziliýa Ysraýyldaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy

Ysraýylyň Daşary işler ministri Katz, Lula da Silwany “islenmeýän adam” hökmünde yglan edipdi.

2104660
Braziliýa Ysraýyldaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy

Braziliýa Prezident Lula da Silwany “islenmeýän adam” hökmünde yglan eden Ysraýyldaky ilçisini yzyna çagyrdy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habara görä, Ysraýylyň beýannamasyndan soň Prezident Lula da Silwa, adatdan daşary ýagdaýda egindeşleri bilen maslahat geçirdi.

Ysraýylyň Prezidenti Lula da Silwa hakyndaky tankydy belliklerine jogap hökmünde Braziliýa, Tel-Awiwdäki ilçisi Frederiko Meýeriň meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin yzyna çagyrdy.

Prezidentiň kömekçisi Amorim beýannamasynda, Ysraýylyň Lula da Silwa hakyndaky sözlerini “bolgusyz” hökmünde häsiýetlendirdi.

Braziliýanyň Prezidenti Lula da Silwa, Ysraýylyň Gazadaky basyp alyşlygyny “genosid” hökmünde häsiýetlendirdipdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahuny hem Lula da Silwanyň sözlerine garşylyk görkezipdi we “gyzyl çägiň geçilendigini” öňe sürüpdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Katz, Lula da Silwany “islenmeýän adam” hökmünde yglan edipdi.



Degişli Habarlar