Russiýada Oppozisioner Nawalnyýyň Ýogalmagyndan Soň Başlan Protest Ýörişleri Dowam Edýär

Protest ýörişlerinde saklanan 200 adamdan 154-i kanunlary basgylandygy sebäpli 14 gün azatlykdan mahrum edildi.

2104334
Russiýada Oppozisioner Nawalnyýyň Ýogalmagyndan Soň Başlan Protest Ýörişleri Dowam Edýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde, oppozisioner Alekseý Nawalnyýyň tussaghanada ýogalmagyndan soň başlan protest ýörişlerinde 154 adam saklandy.

Alekseý Nawalnyýyň anna güni tussaghanada ýogalmagyndan soň ýurduň çar tarapynda başlan protest ýörişleri dowam edýär.

Protest ýörişlerinde saklananlaryň sany 400 adamdan geçdi.

Protest ýörişleri Sankt-Peterburg şäherinde güýçlenmek bilen dowam edýär.

Şäherde protest ýörişlerinde saklanan 200 adamdan 154-i kanunlary basgylandygy sebäpli 14 gün azatlykdan mahrum edildi.

Russiýanyň Federal tussaghana gullugy tarapyndan anna güni berlen beýannamada,47 ýaşyndaky Nawalnyýyň Ýamal Ýarymadasyndaky tussaghanada aradan çykandygy nygtalypdy.

Nawalnyýyň “duýdansyz ölüm sindromy” sebäpli aradan çykandygy habar berildi.

 



Degişli Habarlar