ABŞ, Husilere Garşy Hüjüm Gurady

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husilere garşy 5 hüjüm guraldy.

2104030
ABŞ, Husilere Garşy Hüjüm Gurady

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTCOM, Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husilere garşy 5 hüjüm gurady.

CENTCOM-yň sosial mediadan beren habarnamasynda, CENTCOM-yň düýn paýtagt Sana ýerli wagt bilen 15.00-20.00 aralygynda Husilere degişli 5 ýere hüjüm gurandygy nygtaldy.

Hüjümde Husileriň gözegçiligi astyndaky ýerleriň nyşana alynandygy bellenildi.

Husileriň Al Mesire teleýaýlymy, ABŞ bilen Britaniýanyň howa güýçleriniň düýn Hudeýdeniň as Salif etrapçasyna 5 howa hüjümini gurandygyny habar beripdi.

Ýemende, Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine garşylyk görkezmek maksady bilen 31-nji oktýabrda Ýemeniň suw giňişliginde Ysraýyla degişli söwda gämilerini saklamaga we käbirine hem uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guramaga başlapdy.

ABŞ, şol günden bäri birnäçe gezek Ýemenden atylan raketalaryň täsirsiz ýagdaýa getirendigini mälim edipdi.

 

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Husiler , #Ýemen

Degişli Habarlar