Russiýa: "Awdeýewka şäherini gözegçilik astyna aldyk" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Donetsk sebitindäki Awdeýewka şäheriniň rus goşuny tarapyndan gözegçilik astyna alynandygyny habar berdi

2103824
Russiýa: "Awdeýewka şäherini gözegçilik astyna aldyk" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Sergeý Şoýgunyň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Kreml köşgünde duşuşandygy mälim edildi. 

"Merkezi" harby toparyna degişli harby birikmeleriň Donetsk sebitindäki beýleki ýaşaýyş zolaklaryny basyp almak üçin hüjümlere dowam edýändigi bellenen beýanatda: "Sergeý Şoýgu Wladimir Putine Donetsk Halk Respublikasyndaky Awdeýewka şäheriniň rus goşuny tarapyndan basylyp alynandygyny habar berdi. Awdeýewka üçin bolan çaknyşyklarda soňky 24 sagatda Ukrainanyň goşuny 1500 esgerini ýitirdi" diýip habar berildi. 

Ukrainanyň Donetsk, Lugansk, Zaparožýe we Herson sebitleri Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň 2022-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky karary bilen bikanun ýagdaýda anneksiýa edilipdi. 



Degişli Habarlar