Alekseý Nawalnyýnyň jesedi maşgalasyna gowşurylmady

Russiýada tussaghanada ýogalandygy yglan edilen rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň jesediniň maşgalasyna gowşurylmandygy habar berildi

2103901
Alekseý Nawalnyýnyň jesedi maşgalasyna gowşurylmady

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň metbugat sekretary Kira Ýarmyş sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Alekseý Nawalnyýnyň jesediniň derňelmek maksady bilen Russiýanyň Salehard şäherine ugradylandygy barada tussaghanadan özlerine habar berilendigini mälim etdi. 

Jesediň maşgalasyna entek berilmändigini aýdan Kira Ýarmyş: "Alekseý Nawalnyýnyň ejesi we aklawjysy Salehard şäherindäki morga bardy. Emma olara Alekseýiň jesediniň morgda bolmandygy aýdyldy" diýip habar berdi.

Kira Ýarmyş Alekseý Nawalnyýnyň aklawjysyna Russiýanyň Derňew komitetinden jesediň ýerleşýän ýeri we derňew tapgyry bilen bagly biri-birinden tapawutly maglumatlar berilendigini öňe sürdi. 

Russiýanyň Federal tussaghana edarasy 16-njy fewralda tussagly oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň tussaghanada ýogalandygyny we ölüm sebäbiniň derňelýändigini habar beripdi. 



Degişli Habarlar