Ukraina Türk Harby Uçaryny Almagy Meýilleşdirýär

Bu barada Ukrainanyň Türkiýedäki Ilçisi Beýannama berdi.

2103302
Ukraina Türk Harby Uçaryny Almagy Meýilleşdirýär

Ukrainanyň Türkiýedäki Ilçisi Wasyl Bodnar ýurdunyň “Kaan” kysymly döwrebap söweşjeň uçarynyn hereketlendirijisini öndürmäge goşant goşjakdygyny, gelejekde şol uçarlary satyn almagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Bodnar türk teleýaýlymlaryndan birine beren beýannamasynda; “Ukrain hünärmenleri “Kaan” kysymly türk milli harby uçarynyn hereketlendirijisiniň taslamasynda işleýär. Bu tazelik däl. Hereketlendiriji öndürmekde birnäçe tejribeli firmamyz bar” diýdi.

Ukrainanyň Ilçisi Bodnar türk harby uçarynyn ABŞ-nyň öndüren F-35 we F-22 uçarlary bilen bäsleşjekdigini, Ukrainanyň bolsa “Kaan” uçarlaryny satyn alyp, olardan işjeň peýdalanmagy meýilleşdirýärdigini aýtdy.

Türkiýede 2017-nji ýylda başladylan Milli söweşjeň uçar maksatnamasynyň çäginde “Kaan” uçarynyň dizaýn edilip, 2028-nji ýylda köpçülikleýin önümçiligine geçilmegi meýilleşdirilýär.

Türk hökümeti “Kaan” uçarynyn käbir özbolyşlyklary taýdan F-35-den has ýokary boljakdygyny we gelejekde Türk harby howa güýçlerinde Amerikan F-16 uçarlarynyň ornuny tutjakdygyny beýan edýär.



Degişli Habarlar