“Nawalnyýyň Tussaghanada Ýogalmagy Meselesi Giňişleýin Barlanmaly”

Guterreş, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýyň Russiýada tussaghanada ýogalmagy meselesiniň giňişleýin barlanmagy üçin çagyryş berdi.

2103575
“Nawalnyýyň Tussaghanada Ýogalmagy Meselesi Giňişleýin Barlanmaly”

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýyň Russiýada tussaghanada ýogalmagy meselesiniň giňişleýin barlanmagy üçin çagyryş berdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Dužarriç, metbugata beren beýannamasynda, Guterreşiň garaýyşlary hakynda durup geçdi.

Baş sekretar, rus oppozisioner Nawalnyýyň tussaghanada ýogalmagy meselesiniň giňişleýin we aç-açan ýagdaýda barlanmagy üçin çagyryş berdi.

Alekseý Nawalnyý, zäherlenendigi sebäpli Germaniýanyň paýtagty Berlinde bejergi alandan soň 2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Moskwada howa menzilinde tussag edilipdi.

Nawalnyý, Rus kazyýeti tarapyndan 2023-nji ýylyň awgust aýynda 19 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Alekseý Nawalnyý, geçen ýylyň ýanwar aýynda Russiýada terror we radikal guramalar bilen arabaglanşykly şahyslaryň sanawyna alnypdy.

Russiýa, tussaglykdaky oppozisioner Nawalnyýyň düýn tussaghanada aradan çykandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar