Hindistanda boýag önümçilik ussahanalarynyň birinde ýangyn boldy

Hindistanda boýag önümçilik ussahanalarynyň birinde bolan ýangynda 11 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy

2103498
Hindistanda boýag önümçilik ussahanalarynyň birinde ýangyn boldy

Ýurduň paýtagty Täze Deli şäherinde boýag önümçilik ussahanalarynyň birinde sebäbi entek anyklanyp bilinmedik ýangyn ýüze çykdy. 

Ýangyn söndüriji gullugynyň resmilerinden berilen beýanata görä, 1-nji gatda başlan ýangyn sebäpli, ýokary gatlarda işleýän işgärler, binanyň içinde kyn ýagdaýda galdylar. 

Beýanatda 22 ýangyn söndüriji ulag bilen söndürilen ýangynyň 5 sagadta gözegçilik astyna alynyp bilinendigi we binanyň çökendigi mälim edildi.

Golaýdaky binalara hem ýaýran ýangynyň gözegçilik astyna alynmagyndan soň, 11 adamyň jesedi harabalyklaryň arasynda tapyldy. 

Wakada ýaralanan 4 adam bolsa hassahanada bejergi astyna alyndy. 

Ýangyn bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 


Etiketkalar: #ýangyn , #Hindistan

Degişli Habarlar