Rus oppozisioner lider Alekseý Nawalnyý ýogaldy

Rus oppozisioner lider Alekseý Nawalnyý saklanýan tussaghanasynda ýagny Ýamalo-Nenets awtonom okrugyndaky Federal tussaghanasynda ýogaldy

2103473
Rus oppozisioner lider Alekseý Nawalnyý ýogaldy

Rus oppozisioner lider Alekseý Nawalnyýnyň tussaghanada gezeninden birnäçe wagt soň birden huşuny ýitirendigi, lukmanlaryň eden ähli tagallasyna garamazdan halas edilip bilinmändigi mälim edildi. 

Russiýanyň hökümedi Alekseý Nawalnyýnyň ýogalmagy bilen bagly derňew işiniň başaldylandygyny habar berdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine hem mesele bilen bagly maglumat berilendigi aýan edildi. 

Nawalnyýnyň topary bolsa resmi Moskwany günäkärleýär. 

Rus oppozisioner lider Alekseý Nawalnyý, Putine garşy we aşa sagçy garaýyşlary bilen tanalýardy.

2021-nji ýylda Germaniýadan Russiýa gaýdyp geleninden soň tussag edilen Alekseý Nawalnyý, galplyk we radikalizm aýyplamalary bilen günäkärlenip, 19 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. 



Degişli Habarlar