Eýran Bilen Ermenistan Ykdysady Gatnaşyklaryny Ösdürmek Isleýär

Iki ýurduň wekilleri 19 ugur boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy

2102867
Eýran Bilen Ermenistan Ykdysady Gatnaşyklaryny Ösdürmek Isleýär

Eýran bilen Ermenistan ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen 19 şertnama baglaşdy.

Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä, Eýran bilen Ermenistanyň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň 18-nji maslahaty geçirildi.

Eýranyň paýtagty Tähran geçirlen we 2 gün dowam eden maslahatyň çäginde iki ýurduň wekilleri 19 ugur boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.

Gol çekişlik dabarasyna Ermenistanyň Wise-premýeri Mher Grigorýan bilen Eýranyň Bujet we meýilleşdiriş edarasynyň başlygy Dawud Menzur hem gatnaşdy.

 

 



Degişli Habarlar