Ysraýylyň Liwana Guran Hüjüminde 8 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň, Liwanda 8-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalan asuda ilatyň sany 42 adama ýetdi.

2102635
Ysraýylyň Liwana Guran Hüjüminde 8 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň harby goşunynyň, Liwanyň günortasynda ýerleşýän Nebatiýe şäherinde 3 gatly bina uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde şol bir maşgaladan 8 adam ýogaldy.

Liwanyň resmi NNA habarlar gullugynyň berýän habarynda, Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulagynyň Nebatiýe şäheriniň Merjaýun etrapçasynda 3 gatly bina hüjüm gurandygy nygtaldy.

Habarda, hüjümden soň binadan 8 adamyň jesediniň çykarlandygy ýatladyldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň Liwanda 8-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalan asuda ilatyň sany 42 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar