Rus Goşuny Hakynda Galp Maglumat Ýaýradanlaryň Emlägi Elinden Alynar

Degişli kanun döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin tarapyndan tassyklandy.

2102280
Rus Goşuny Hakynda Galp Maglumat Ýaýradanlaryň Emlägi Elinden Alynar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin rus goşuny hakynda galp maglumat ýaýradanlaryň şondan gazanan  emläkleriniň elinden alynmagy hakyndaky kanuna gol çekdi.

Russiýanyň Döwlet kanun maglumat ulgamynda neşir edilen Putiniň tassyklan kanununa görä rus goşuny hakynda galp maglumat ýaýradanlaryň şondan gazananlary elinden alynar.

Şeýle hem kanuna görä rus goşunyny ygtybarsyzlaşdyran, radikalizme çagyrýan, Russiýanyň territorial bitewiligine we howpsuzlygyna wehim salýan, Russiýa we rus raýatlaryna sanksiýa goýmak hakynda çagyryş edenlere berilen döwlet sylaglary we baýraklary yzyna alynar.

Kanun neşir edilmeginden 10 gün soň güýje girer.

Russiýanyň Döwlet Dumasynda  geçen aý kabul edilen kanun, Federasiýa geňeşi tarapyndan 7-nji fewralda tassyklanypdy.



Degişli Habarlar