Ysraýyl Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady

Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasynda Hizbullaha degişli ençeme ýere howa hüjümlerini gurandyklaryny habar berdi

2101987
Ysraýyl Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady

Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanatda, Ysraýylyň harby uçarlarynyň Liwanyň günortasyndaky 7 tapawutly ýere howa hüjümlerini gurandyklaryny, şolaryň arasynda Hizbullahyň agzalarynyň ýerleşýän birikmeleriň we gözegçilik nokatlaryň bardygy habar berildi. Beýanatda Liwanyň günortasyndaky ençeme nokada artilleriýa bilen hüjümler guralandygy aýan edildi. 

Ysraýylyň goşuny hüjümleri Hizbullahyň Ysraýylyň demirgazygyna düýn Kirýat Şmona şäherine guran we 2 ysraýyllynyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümlerinden soň gurady. 

Hizbullah Kirýat Şmona şäherindäki Polisiýa merkezi bilen Hunin galasy sebitinde, ysraýylly esgerleriň ýygnanan nokadyna amatly ýaraglar bilen nyşana alynandygyny we hüjümleriň üstünlikli bolandygyny aýtdy.


Etiketkalar: #Hizbullah , #hüjüm , #Liwan , #Ysraýyl

Degişli Habarlar