Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Ýanwar aýynyň birinji hepdesinde bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 241 adama ýetdi

2102042
Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa sebitinde we şol sebitdäki Noto ýarymadasynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 241 adama ýetdi.

Mesele hakynda berlen beýannamada, ýanwar aýynyň birinji hepdesinde bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 241 adama ýetendigi nygtaldy.

Beýannamada, 13 müňe golaý adamyň henizem wagtlaýyn merkezlerde ýaşaýandygy, dereksiz ýiten 11 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

Ýer titremesinde 65 müň binanyň ýykylandygy, 31 müňden gowrak öýde wagtal-wagtal agyz suwynyň, 1500-den gowrak öýde hem elektrik togynyň kesilýändigi ýatladyldy.

Merkezi hökümet, sebitiň gaýtadan dikeldiş taslamasynyň çäginde öýlerine zeper ýetirlen her bir hojalyga 41 müň dollarlyk pul kömeginiň beriljekdigini mälim edipdi.

Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa sebitinde we şol sebitdäki Noto ýarymadasynda ýanwar aýynyň 1-5-i aralygynda 5 we 7 bal ululygynda birnäçe ýer titremesi bolupdy.

 

 



Degişli Habarlar