Müsürde, Gaza Guralýan Hüjümleriň Bes Edilmegi Maksady Bilen Maslahat Geçirildi

Kataryň, ABŞ-nyň we Ysraýylyň gatnaşmagynda Müsürde dörttaraplaýyn maslahat geçirildi.

2101921
Müsürde, Gaza Guralýan Hüjümleriň Bes Edilmegi Maksady Bilen Maslahat Geçirildi

Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan Gaza Sektorynda hüjümleriň bes edilmegi maksady bilen Kataryň, ABŞ-nyň we Ysraýylyň gatnaşmagynda Müsürde dörttaraplaýyn maslahat geçirildi.

Müsür tarapyndan berlen beýannama görä, Katarly, Amerikaly we Ysraýylly ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda dörttaraplaýyn maslahat geçirildi.

Maslahatda, Ysraýylyň tussaghanalaryndaky palestinalylaryň boşadylmagynyň öwezine Gazadaky ysraýylly ýesirleriň boşadylmagy we sebitde hüjümleriň bes edilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ysraýylyň KAN teleýaýlymynyň berýän habarynda, Ysraýylyň çaknyşyklara wagtlaýyn arakesme berilmegini, Hamasyň bolsa Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerini dolulygyna bes etmegini isleýändigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar