Çilidäki tokaý ýangynlarynda ýogalanlaryň sany 132 adama ýetdi

Çiliniň orta we günorta sebitlerinde täsirli bolan tokaý ýangynlarynda ýogalanlaryň sany 132 adama ýetdi

2102093
Çilidäki tokaý ýangynlarynda ýogalanlaryň sany 132 adama ýetdi

Çiliniň Kanun boýunça saglygy goraýyş gullugyndan berilen beýanatda, Walparaiso we Winýa-del-Mar şäherlerinde dowam edýän ýangynlarda ýogalan adamlaryň sanynyň artandygy mälim edildi. 

Soňky adam pidalar bilen birlikde ýogalanlaryň sanynyň 132 adama ýetendigi, ýangynyň dolulygyna gözegçilik astyna alynmagy üçin hem howadan hem-de gury ýerden söndürmek işleriniň dowam edýändigi aýan edildi. 

Walparaiso sebitiniň gubernatory Rodrigo Mundaka geçiren metbugat ýygnagynda, tokaý ýangynlarynyň netijesinde 43 müň gektar tokaý zolagynyň kül bolandygyny we takmynan 15 müň öýüň ýanandygyny belläp: "Ýangynyň bilkastlaýyn başlandygyna doly ynanýarys" diýip nygtady. 

Çiliniň Döwlet baştutany Gabriel Boriç 3-nji fewralda beren beýanatynda adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan edendikleirni belläp: "Ähli toparlarymyzy ýangyna garşy göreşmek üçin ýurduň merkezi we günorta bölegine ugrukdyrdyk" diýip habar beripdi. 


Etiketkalar: #tokaý ýangyny , #Çili

Degişli Habarlar