Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri 130 gün bäri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 130 gün bäri dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 28 müň 473 adama ýetdi

2101764
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri 130 gün bäri dowam edýär

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref Al-Kudra Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 130 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berdi. 

Kudra Ysraýylyň harby güýçleriniň soňky 24 sagatda Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýene-de 133 adamy öldürendigini, 162 adamy hem ýaralandygyny habar berdi. 

Gazada ýogalan palestinalylaryň sanynyň 28 müň 473 adama, ýaralanan palestinalylaryň sanynyň 68 müň 146 adama ýetendigini aýdan Kudra, häzirki wagtda hem harabalyklaryň aşagynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň bardygyny, emma Ysraýylyň harby güýçleriniň şol adamlary saglygy goraýyş işgärleri we raýat goranyş toparlary tarapyndan ýygnamagyna päsgel berýändigini aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Saglygy goraýyş çeşmeleri Gazanyň orta zolagyndaky Nuseýrat bosgun düşelgesiniň harby uçarlar bilen nyşana alynandygyny, hüjümde 5 adamyň ýogalandygyny we ýaralanan adamlaryň bardygyny habar berdi. 

Gazanyň günortasyndaky Refah şäheriniň Al-Berazil etrapçasynda guralan howa hüjüminde bolsa 1 çaga ýogaldy, 4 adam hem ýaralandy. 

Han Ýunus şäheriniň gündogar we günbatar sebitlerine hem artilleriýa bilen hüjümler guraldy. 

Beýleki tarapdan Han Ýunus şäherinde ýerleşýän Nasyr hassahanasynda elektrik toklar dolulygyna kesildi. 

Mundan başgada Gaza zolagynyň merkezindäki Al-Megazi bosgun düşelgesiniň hem bombalanandygy, ol ýerde hem ýaralanan adamlaryň bardygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar