Russiýa, Britaniýaly 18 Adamyň Ýurda Girmegini Gadagan Etdi

Britaniýanyň Russiýa garşy syýasat alyp barýandygy we 2 ýyldan bäri dowam edýän söweşde Ukraina ýarag kömegini berýändigi nygtaldy.

2101380
Russiýa, Britaniýaly 18 Adamyň Ýurda Girmegini Gadagan Etdi

Russiýa, harby ýolbaşçylar bilen birlikde britaniýaly 18 adamyň ýurda girmegini gadagan etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Britaniýanyň Russiýa garşy syýasat alyp barýandygy we 2 ýyldan bäri dowam edýän söweşde Ukraina ýarag kömegini berýändigi nygtaldy.

Beýannamada, şol sebäpli britaniýaly 18 adamyň Russiýa girmeginiň gadagan edilendigi ýatladyldy.

Russiýa girmegi gadagan edilen iňlis raýatlarynyň sanawynda, britaniýaly harby we syýasy ýolbaşçylar bilen birlikde ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we ylmy barlag guramalarynyň agzalary hem bar.

 



Degişli Habarlar