Kreml: "Rus emläklerini almak dünýä ykdysadyýetine täsir ýetirer" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Günbatar ýurtlar tarapyndan doňdurylan rus emläklerini almak bilen bagly hereketlere reaksiýa bildirdi

2101822
Kreml: "Rus emläklerini almak dünýä ykdysadyýetine täsir ýetirer" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, paýtagt Moskwa şäherinde gün teribiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi. 

Dmitriý Peskow Günbatar ýurtlar tarapyndan doňdurylan rus emläklerini almak bilen bagly ädimler etmegiň meýilnamasyny tankyt edip: "Başgalaryň emläklerini almak bilen bagly kararlaryň global ykdysadyýete örän uly täsir ýetirjekdigini ozal ençeme gezek aýdyp geçdik. Hukuka, ykdysady galkynyşa we maýa goýum gurşawyna örän uly täsirleri bolar" diýip habar berdi. 

ÝB ýurtlary Ukraina bilen 2 ýyl bäri dowam edýän uruş sebäpli Russiýanyň Merkezi bankynyň takmynan 200 milliard ýewrosyny doňdurypdy. 

Rus emläklerini elinde saklaýan edaralar, olary möhledi dolanda ýaňadandan maýa goýum hökmünde ulanyp, uly girdejiler alýar. 

Bileleşigiň resmileri eýýäm ençeme aý bäri doňdurylan emläkler we şol emläklerden alynýan girdejileriň, eýesiniň rugsady bolmadan ulanylmagynyň hukuk we maliýe ugurlary babatynda özara jedelleşýärdiler. 

ÝB esasy puluň ýerine olardan alynýan girdejileri nyşana almak isleýär. 



Degişli Habarlar