Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada 1 palestinalyny öldürdi

Ysraýylyň harby güýçleri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeria sebitiniň Beýtüllahim şäherinde bir palestinalyny ot açyp öldürdi

2100943
Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada 1 palestinalyny öldürdi

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň harby güýçleriniň Beytüllahim şäheriniň günbataryndaky Bettir etrapçasynyň girelgesinde 35 ýaşyndaky Rami Raşid al-Bathanyň döşüne we garnyna ot açandygy mälim edildi. 

Beýanatda Gyzyl ýarymaý jemgyýetine degişli toparlaryň palestinalyny hassahana alyp gaýtmak üçin wakanyň bolan ýerine barandygy, emma ysraýylly esgerleriň olara böwet bolandygy aýan edildi. 

Tiz kömek ulagynda ýogalan palestinalynyň jesediniň häzirki wagtda hem Ysraýylyň harby güýçleriniň elindedigi habar berildi. 

Şeýlelik bilen Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklaryň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeria bilen Gündogar Iýerusalimde Ysraýylyň harby güýçleri bilen bikanun jöhit ýaşaýjylaryň hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 392 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar