ABŞ, Husilere Hüjüm Gurady

ABŞ, Husilere degişli partlaýjy ýüklenen uçarmansyz howa ulaglaryna 2 hüjüm gurandygyny habar berdi.

2100845
ABŞ, Husilere Hüjüm Gurady

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi, Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husilere degişli partlaýjy ýüklenen uçarmansyz howa ulaglaryna 2 hüjüm gurandygyny habar berdi.

Beýannamada, “ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligine tabynlykdaky toparlar, 10-njy fewralda ýerli wagt bilen 16.00-17.00 töweregi, Husilere degişli 2 uçarmansyz suw üsti ulagyna özünü goramak maksady bilen raketa hüjümini gurady” diýildi.

Beýannamada, Husileriň uçarmansyz suw üstü ulaglar we raketalar bilen Ýemeniň demirgazygyndan Gyzyl deňizdäki söwda gämilerine hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi we ABŞ-nyň gämileri üçin howply bolandygy nygtaldy.

Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerine garşylyk görkezmek maksady bilen 31-nji oktýabrda, Ýemeniň suw giňişliginde Ysraýyla degişli söwda gämilerini saklapdy. Husiler şol günden bäri käbir söwda gämilerine raketalar bilen hüjüm guraýar.

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Husiler , #Ýemen

Degişli Habarlar