Ukrainanyň täze Baş ştabynyň başlygy Aleksandr Syrskiý boldy

Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow, goşunyň dolanşygynyň düzümini üýtgetmek barada karara gelendiklerini habar berdi we ýurduň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Zalužnyýny wezipesinden çetleşdirdi

2100085
Ukrainanyň täze Baş ştabynyň başlygy Aleksandr Syrskiý boldy

Ukrainanyň Prezidenti Wlaidmir Zelenskiý bolsa Baş Ştabyň başlygy wezipesine Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Aleksandr Syrskiýni belledi. 

Wladimir Zelenskiý beren beýanatynda: "Robotinedäki we Awdeýewkadaky esgerlerimiziň Baş Ştab we Baş serkerdelik ştabynyň uruş bilen baglanşykly meňzeş garaýyşa eýe bolmaklaryny isleýärin" diýip belledi. 

Dürli derejedäki serkerdeler bilen onlarça duşuşyk geçirendigini aýdan Zelenskiý, şol serkerdeleriň ählisiniň ýokary derejeli wezipeler üçin göz öňünde tutulýandygyny we Ukrainanyň iň tejribeli serkedäniň ýolbaşçylygynda iş alyp barjakdyklaryny habar berdi. 

Zelenskiý: "General-polkownik Aleksandr Syrskiýni Baş Ştabyň başlygy hökmünde belledim. Ol Kiýewiň goranyş operasiýasyny dolandyrypdy, üstünlikli goranyş tejribesine eýe. Ol şeýle hem, Harkowy azat etmek üçin geçirilen operasiýalarda üstünlikli tejribä eýedir" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar