Ukrainada prezident saýlawy yza süýşürildi

Ukrainada prezident saýlawynyň möhledi yza süýşürildi

2098826
Ukrainada prezident saýlawy yza süýşürildi

Sişenbe güni Ukrainanyň parlamenti (Verkhovna Rada), ýurduň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň ýurtda giň gerimli rus basyp alyşlygy dowam edýändigi üçin harby dolanşygynyň möhlediniň uzadylmagy bilen bagly kararyny tassyklady. 

2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda yglan edilen harby dolanşygyň möhlediniň uzadylmagy üçin Radanyň ähli wekilleri (335) karary goldap ses berdiler. Harby dolanşyk 2024-nji ýylyň 13-nji maýyna çenli dowam eder, mobilizlemäniň hem möhledi uzadylar. 

Aslynda, ses berilşik tertip düzgüne laýyklykda geçirildi, sebäbi Ukrainadaky syýasy güýçleriň hiç biri dowam edýän uruş şertlerinde harby kanunlaryň ýatyrylmagynyň tarapdary däl. 

Bäş ýyllyk möhleti maý aýynda doljak Prezident Wladimir Zelenskiniň ygtyýarlyklary hem düzgün boýunça uzaldar. Kanuna görä, saýlawlar diňe harby dolanşyk gutarandan soň geçirilip biliner.



Degişli Habarlar