Nigeriýa, Türkiýeden Satan Alan Dik Uçaryny Ulanmaga Başlaýar

Nigeriýada, Türkiýeden satyn alynan iki sany T129 ATAK harby dik uçarlarynyň ulanylmaga başlanmagy mynasibetli dabara geçirildi.

2098761
Nigeriýa, Türkiýeden Satan Alan Dik Uçaryny Ulanmaga Başlaýar

Nigeriýa, Türkiýeden satyn alan iki harby dik uçaryny ulanmaga başlaýar.

Ýaragly toparlara we terrora garşy göreşýän Nigeriýada, Türkiýeden satyn alynan iki sany T129 ATAK harby dik uçarlarynyň ulanylmaga başlanmagy mynasibetli dabara geçirildi.

Nigeriýanyň Howa güýçleri serkerdeligi tarapyndan geçirlen dabara Wise-prezident Kaşim Şettima, Goranmak ministri Badaru Abubakir, Türkiýäniň Nigeriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hidaýet Baýraktar bilen köp sanly myhman gatnaşdy.

Wise-prezident Kaşim Şettima dabarada eden çykyşynda, Prezident Bola Ahmed Tinubunyň täze alynan dik uçarlaryň hem ýurduň hem-de Günbatar Afrikanyň howpsuzlygynyň çözülmegine uly goşant goşjakdygyna ynanýandygyny belledi.

Nigeriýa, soňky döwürde ýurtdaky ýaragly toparlar bilen birlikde Boko Haram we ISWAP ýaly terror guramalarynyň hüjümlerine sezewar bolýar.

 

 

 



Degişli Habarlar