Pakistanyň Halky Ertir 25-nji Premýer-ministrini Saýlar

8-nji fewralda geçiriljak saýlawlara 150 syýasy partiýa gatnaşar.

2098979
Pakistanyň Halky Ertir 25-nji Premýer-ministrini Saýlar

Pakistanda halk ertir 25-nji premýer-ministrini saýlamak üçin ses berer.

Pakistanda ertir 2018-nji ýylyň 25-nji iýulynda geçirlen saýlawlardan soň, Milli mejlisiň agzalaryny saýlamak üçin saýlaw geçirler.

Pakistan Musulman ligasy-Nawazyň lideri ozalky Premýer-ministr Nawaz Şerif bilen ozalky Premýer-ministr Benazir Buttonyň ogly Pakistan Halk partiýasynyň lideri Bilawal Butto Zerdari premýer-ministrlik üçin iň güýçli dalaşgärler hökmünde öňe saýlanýar.

Tussaghanadaky ozalky Premýer-ministr İmran Hanyň ýolbaşçylygyndaky Pakistan Adalaty partiýasy hem ünsleri özüne çekýär.

Saýlaw komissiýasynyň görkezijilerine görä saýlawda bellige alynan 128 million 585 müň 760 saýlawçy ses berer.

8-nji fewralda geçiriljak saýlawlara 150 syýasy partiýa gatnaşar.

 

 

 



Degişli Habarlar