Pakistanda bombaly hüjümler guraldy

Ertir umumy saýlawlaryň geçiriljek ýeri bolan Pakistanda, deputatlaryň nyşana alynyp guralan hüjümlerde ilkinji kesgitlemelere görä 25 adam ýogaldy, 38 adam ýaralandy

2098953
Pakistanda bombaly hüjümler guraldy

Bulujystan welaýatynyň Pişin sebitinde garaşsyz deputat dalaşgäri bolan Asfandiýar Han Kakaryň ofisiniň öňünde bombaly hüjüm guraldy.  

Hüjümde 15 adam ýogaldy, azyndan 30 adam ýaralandy. 

Hüjümiň guralan mahaly Asfandiýar Han Kakaryň ofisinde bolmandygy habar berildi. 

Welaýatyň Killa Saifullah sebitinde bolsa Yslam Ulemasy jemgyýeti partiýasynyň binasyna garşy bombaly hüjüm guraldy. 

Hüjümde 10 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy. 

Resmiler Yslam Ulemasy jemgyýeti partiýasynyň Bulujystan welaýatynyň başlygy Mewlana Abdul Wasaýyň hüjümde ýaralanmadan halas bolandygyny mälim etdiler. 



Degişli Habarlar