Eýran, Stambulda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

" Terrora garşy göreşde dost we doganlyk ýurt Türkiýe bilen arkalaşykly hereket edýäris"

2099079
Eýran, Stambulda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

Eýran, düýn Stambul şäherinde kazyýet binasynyň öňünde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nasyr Kenani, mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, Stambul şäherinde kazyýet binasynyň öňünde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýandyklaryny we ýurdunyň terrora garşy göreşde dost we doganlyk ýurt Türkiýe bilen arkalaşykly hereket edýändigini nygtady.

Kenani, hüjümde ýaralananlara gyssagly şypa diledi, ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi.

Düýn Stambul şäherinde Çaglaýan kazyýet binasynyň öňündäki gözegçilik merkezine od açan DHKP-J-li 2 terrorçy öli ýagdaýda ele geçirilipdi.

Hüjümde 1 adam ýogalypdy, 3-i polis 5 adam hem ýaralanypdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar