Çilidäki tokaý ýangynlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Çiliniň orta we günorta zolaklarynda täsirli bolan tokaý ýangynlarynda ýogalanlaryň sany 122 adama ýetdi

2098219
Çilidäki tokaý ýangynlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Saglygy goraýyş gullugyndan berilen beýanatda, Walparaiso we Winýa-del-Mar şäherlerinde dowam edýän ýangynlarda ýogalan adamlaryň sanynyň artandygy habar berildi. 

Ýangynlarda ýogalanlaryň sanynyň 122-ä ýetendigi, dereksiz ýiten adamlaryň gözleg işleriniň dowam edýändigi mälim edildi. 

Ýangynlaryň söndürilmegi üçin hem howadan hem-de gury ýerden söndüriş işleriniň dowam edýändigi aýan edildi. 

Geçen hepdäniň ahyrynda ýerli metbugatda berilen habarlarda, Walparaiso şäherine takmynan 20 km uzaklykda bolan Penuelas köli tebigy parkda ýangynyň başlandygy habar berilipdi. 


Etiketkalar: #tokaý , #ýangyn , #Çili

Degişli Habarlar