ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Saud Arabystanyna Bardy

Blinken, Ysraýylyň 7-nji oktýabrda başladan Gaza guraýan hüjümlerinden soň 5-nji gezek Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar guraýar.

2098001
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Saud Arabystanyna Bardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ysraýylyň 7-nji oktýabrda başladan Gaza guraýan hüjümlerinden soň 5-nji gezek Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar guraýar.

Blinken, saparynyň çäginde ilki Saud Arabystanyna bardy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçen duşuşyk hakynda hiç hili maglumat berilmedi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Saud Arabystanyndan soň Müsüre barar.

Blinkeniň saparynyň çäginde ýesir çalşygy we gumanitar arakeseme meselesi seljerler.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm gurapdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

Şol günden bäri dowam edýän çaknyşyklarda esasy bölegi çagalardan ybarat 27 müňden gowrak palestinaly ýogaldy.

 

 



Degişli Habarlar