Çilidäki Tokaý Ýangynlarynda Ýogalanlaryň Sany Artdy

Tokaý ýangynlary sebäpli käbir sebitlerde adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi

2097598
Çilidäki Tokaý Ýangynlarynda Ýogalanlaryň Sany Artdy

Günorta Amerikada ýerleşýän Çiliniň merkezi we günorta sebitlerinde dowam edýän tokaý ýangynlarynda ýogalanlaryň sany 110 adama ýetdi.

Çilili ýolbaşçylar, tokaý ýangynlary sebäpli käbir sebitlerde adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigini mälim etdi.

Prezident Gabriel Boriç, ýangynlarda ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändigini, ýurtda iki gün ýangynlarda ýogalanlar üçin Milli ýasyň yglan edilendigini aýtdy.

Içeri işler ministri Karolina Toha hem, 40 ýangynyň gözegçilik astyna alynandygyny, 29 tokaý ýangynyna garşy göreşiň bolsa dowam edýändigini ýatlatdy.

Ministr Toha, käbir ýangynlaryň bilkastlaýyn başlandygyny öňe sürüpdi.

 

 

 



Degişli Habarlar