Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 238 Adama Ýetdi

Ýaponiýada ýanwar aýynyň 1-5-i aralygynda 5 we 7 bal ululygynda birnäçe ýer titremesi bolupdy.

2096199
Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 238 Adama Ýetdi

Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa sebitinde we şol sebitdäki Noto ýarym adasynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 238 adama ýetdi.

Mesele hakynda berlen beýannamada, ýanwar aýynyň başynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 238 adama ýetendigi nygtaldy.

Beýannamada, 15 müňe golaý adamyň henizem wagtlaýyn merkezlerde ýaşaýandygy, dereksiz ýiten 19 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

Ýaponiýanyň Işikawa sebitinde we şol sebitdäki Noto ýarym adasynda ýanwar aýynyň 1-5-i aralygynda 5 we 7 bal ululygynda birnäçe ýer titremesi bolupdy.



Degişli Habarlar