Londonda himiki madda bilen hüjüm guraldy

Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäheriniň günortasynda howply maddanyň zyňylmagy netijesinde 2-si çaga jemi 9 adam ýaralandy

2096079
Londonda himiki madda bilen hüjüm guraldy

Metropolitan Polisiýasyndan berilen beýanatda London şäheriniň günortasyndaky Klephemde jogapkäri entek anyklanmadyk we howply madda ulanylyp guralan hüjümde aralarynda 2 çaga bolan jemi 9 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. 

Beýanatda 1-i zenan bolan 4 ýetişen adam, 2 çaga we 3 polisiýa işgäriniň hassahanada bejergi astyna alynandygy mälim edildi. 

Derňew toparynyň ýolbaşçysy Aleksandr Kastl hüjümçiniň tapylmagy üçin Polisiýa gullugynyň ähli çeşmelerinden peýdalanylýandygyny belläp: "Bu aýylganç hadysanyň nämä sebäp bolandygyny anyklamak üçin işimizi dowam etdirýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar