Demirgazyk Koreýa Ýene-de 2 Ilçihanasyny Ýapdy
Demirgazyk Koreýanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň sany 53-den 44-e çenli aşaklady
Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylasy, Demirgazyk Koreýanyň soňky aýlarda käbir ýurtlardaky ilçihanalarynyň ýapylmagy barada kabul eden karary hakynda beýannama berdi.
Ýolbaşçy, Demirgazyk Koreýanyň soňky gezek Gonkongdaky we Liwiýadaky ilçihanalaryny ýapmak barada karar kabul edendigini mälim etdi.
Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtyndaky habara görä, şeýlelikde Demirgazyk Koreýanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň sany 53-den 44-e çenli aşaklady.
Demirgazyk Koreýa, soňky aýlarda Angoladaky, Ugandadaky, Bangladeşdäki, Nepaldaky, Ispaniýadaky we Senegaldaky ilçihanalaryny ýapypdy.
Degişli Habarlar
Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Boko Harama agza terrorçylaryň bolýan merkezine Sambisa tokaýyna operasiýa guraldy.