Peskow: "NATO-nyň harby türgenleşik geçirmegi Russiýa üçin howp" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow NATO-nyň harby türgenleşik geçirmeginiň özleri üçin howp emele getirýändigini aýtdy

2095831
Peskow: "NATO-nyň harby türgenleşik geçirmegi Russiýa üçin howp" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi. 

NATO tarapyndan geçiriljek "Steadfast Defender 2024" atly harby türgenleşiginiň üstünde durup geçen Peskow, özleri üçin howp emele getirýändigini mälim etdi. 

Peskow: "NATO bize howp salmak roluny ýerine ýetirmegini dowam etdirýär. Oňa şolar ýaly garaýarys. Munuň öňüni almak üçin zerur çäreler görülýär" diýip habar berdi. 

Alýansyň infrastrukturasyny onlarça ýyl bäri rus serhetlerine tarap çekýändigini aýdan Peskow, NATO-nyň ABŞ tarapyndan dolandyrylýandygyny we çaknyşyk enjamy hökmünde ulanylýandygyny beýan etdi. 

Peskow geçen hepde Belgorod sebitinde içinde 65 ukrainaly ýesir bilen birlikde jemi 74 adam bolan rus uçarynyň ýere gaçmagy bilen baglanşykly wakanyň derňew işiniň dowam edýändigini habar berdi. 



Degişli Habarlar