Nigeriýada mina partlady

Nigeriýanyň terror guramasy Boko Haramyň hereket edýän Borno welaýatynda minanyň partlamagy netijesinde medresäniň 6 okuwçysy ýogaldy

2094597
Nigeriýada mina partlady

Milli metbugatda berilen habarlara görä Borno welaýatynyň Gubio sebitindäki medreseleriň biriniň golaýynda mina partlady. 

Partlamada medresäniň 6 okuwçysy ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap bolmasada, sebitde terror guramasy Boko Haramyň hüjümler guraýandygy bilinýär. 

Terror guramasy soňky wagtlarda harbylara garşy ýygy-ýygydan hüjümler guraýar. 

Terror guramasy Boko Harama agza terrorçylaryň geçen hepde Borno welaýatynyň Magumeri obasyndaky gözegçilik nokadyna guran ýaragly hüjüminde 5 esger ýogalypdy. 

Nigeriýada 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri barlygyny dowam etdirýän terror guramasy Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy. 

Terror guramasy 2015-nji ýyldan başlap serhetdeş ýurtlar bolan Kamerun, Çad we Niger döwletlerinde hem hüjümler guraýar. Guramanyň Çad kölüniň töwereginde guran hüjümlerinde azyndan 2 müň adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar