Iordaniýa: "Hüjüm biziň territoriýamyzyň çäginde däl" diýdi

Iordaniýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Muhanned Mubaýdin, El-Memleke TV telewideniýe kanalyna beýannama berdi

2094411
Iordaniýa: "Hüjüm biziň territoriýamyzyň çäginde däl" diýdi

Iordaniýanyň hökümedi amerikaly 3 esgeriň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň, öz territoriýasynyň çäginde bolmandygyny, Siriýa serhedindäki Tenef bazasynda guralandygyny habar berdi. 

Iordaniýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Muhanned Mubaýdin, El-Memleke TV telewideniýe kanalyna amerikaly 3 esgeriň ýogalmagy, 34 esgeriň ýaralanmagy bilen netijelenen hüjüm bilen bagly beýannama berdi.

Mubaýdin amerikan harby güýçlerine garşy hüjümiň Iordaniýanyň territoriýasynyň çäginde däl, eýsem Siriýa topraklarynyň çäginde amala aşyrylandygyny we Tenef harby bazasynyň nyşana alynandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Iordaniýa

Degişli Habarlar