Ysraýyl: "Gaza zolagynda ýene-de 18 esger ýaralandy" diýdi

Ysraýylyň goşuny soňky 24 sagatda Gaza zolagynda ýene-de 18 esgeriň ýaralanandygyny habar berdi

2093034
Ysraýyl: "Gaza zolagynda ýene-de 18 esger ýaralandy" diýdi

Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanata görä, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri 1250-si Gazadaky çaknyşyklarda bolmak bilen jemi 2 müň 710 ysraýylly esger ýaralandy. 

Soňky 24 sagatda Gaza zolagynda ýene-de 18 ysraýylly esger ýaralandy. 

Ysraýylyň goşuny 40-synyň saglyk ýagdaýy agyr jemi 406 ýaraly esgeriň hassahanalardaky bejergileriniň dowam edýändigini habar berdi. 

Goşuny internet saýtynda mundan başgada Gazadaky çaknyşyklarda öldürilen esgerleriň sanynyň 221-den 219-a çenli aşakladylandygy, sebäbiniň bolsa düşündirilmändigi beýan edildi. 


Etiketkalar: #Gaza , #ýaraly , #esger , #Ysraýyl

Degişli Habarlar