Terror Guramasy PKK, Peşmerge Güýçlerine Hüjüm Gurady

PKK-ly terrorçylar Peşmerge güýçleriniň gözegçiligi astyndaky merkeze raketa hüjümini gurady

2093188
Terror Guramasy PKK, Peşmerge Güýçlerine Hüjüm Gurady

Ekstremist terror guramasy PKK, Yragyň Kürt Awtonomiýasyna degişli Peşmerge güýçlerine hüjüm gurady.

Mesele hakynda berlen beýannamada, PKK-ly terrorçylaryň Duhok şäheriniň Amedi etrabynda düýn Peşmerge güýçleriniň gözegçiligi astyndaky merkeze raketa hüjümini gurandygy nygtaldy.

Beýannamada, Peşmerge güýçleriniň hem özlerini gorandygy bellenildi.

Beýannamada “PKK-lylar sebitiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny bozmak üçin hüjüm gurady. PKK sebitleýin dildüwşigiň bir bölegine öwrüldi” diýildi.

 



Degişli Habarlar