Serbiýadaky we Bosniýa-Gersegowinadaky söwda merkezilerinde ýangyn boldy

Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde we Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo şäherindäki söwda merkezilerinde bolan ýangyn, maddy taýdan zyýan çekilmegine sebäp boldy

2093320
Serbiýadaky we Bosniýa-Gersegowinadaky söwda merkezilerinde ýangyn boldy

Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherindäki söwda merkezinde ýüze çykan ýangyn 3 dikuçar we 25 ýangyn söndüriji ulag bilen söndürildi. 

Gözegçilik astyna alynan ýangynda ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolmandygy beýan edildi. Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy barada entek maglumat berilmedi. 

Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo şäherindäki söwda merkezleriniň biriniň 1-nji gatynda ýangyn boldy. 

Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy barada entek maglumat berilmedi, wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolmandygy aýan edildi. 

Söwda merkezlerinde ýüze çykan ýangynlaryň maddy taýdan zyýanyň çekilmegine sebäp boldy. 



Degişli Habarlar