Nigeriýada Guralan Ýaragly Hüjümde 8 Adam Ýogaldy

Ýaragly adamlar birnäçe öýü hem oda berdi.

2092986
Nigeriýada Guralan Ýaragly Hüjümde 8 Adam Ýogaldy

Nigeriýanyň Plateau sebitinde guralan ýaragly hüjümde 8 adam ýogaldy.

Plateaunyň Mangu etrapçasynda şahsyýeti näbelli ýaragly adamlar çem gelen ýere od açmaga başlady.

Wakada 8 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

 Ýaragly adamlar birnäçe öýü hem oda berdi.

Ýaragly hüjümden soň sebitde 24 sagadyň dowamynda köça çykmak gadagan edildi.

Plateau sebitinde wagtal-wagtal ýaragly hüjümler guralýar.

Sebitde soňky gezek 25-nji dekabrda guralan ýaragly hüjümde azyndan 200 adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar