Germaniýanyň Federal Kansleri, Ukrainanyň Prezidenti Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi.

Şols bilen Zelenskiý Ukrainadaky syýasy we harby ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

2093298
Germaniýanyň Federal Kansleri, Ukrainanyň Prezidenti Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Germaniýa tarapyndan berlen beýannama görä, Şols bilen Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde Ukrainadaky syýasy we harby ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

Russiýanyň soňky hüjümleri barada Şolsa maglumat beren Zelenskiý, Ukrainanyň howa goranyş ulgamlarynyň güýçlendirilmegi taýdan ýurduna berýän goldawlary üçin nemes hökümetine sagbolsun aýtdy.

Şols hem, Russiýanyň dowam edýän hüjümlerine garşy Ukraina bilen arkalaşykly hereket etjekdiklerini nygtap, Ýewropaly we halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşykly ýagdaýda Ukraina harby taýdan goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar