“Iki Döwletli Çözgüt Gepleşikleri Ysraýyl Islesede Islemesede Dowam Eder”

Borrel, Ysraýyl “iki döwetli çözgüdi” kabul etmän halatynda hem bu ugurdaky gepleşikleriň dowam etjekdigini ýatlatdy.

2092264
“Iki Döwletli Çözgüt Gepleşikleri Ysraýyl Islesede Islemesede Dowam Eder”

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýolbaşçysy Borrel, Ýakyn Gündogarda iki döwetli çözgüt üçin gepleşikleriň Ysraýyl islesede islemesede dowam etjekdigini aýtdy.

Borrel, ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Belgiýanyň paýtagt Brýusselde geçirlen maslahatyndan soň beren beýannamasynda, Gazadaky asuda ilata kömek bermek, ýesirleri halas etmek we adam pidalarynyň öňüni almak üçin ilkinji nobatda Ysraýylyň bombaly hüjümleriniň bes edilmelidigine ünsi çekdi.

Ýakyn Gündogarda “iki döwetli çözgütden” başga ýoluň ýokdygyny nygtan Borrel, Ysraýylyň guruljak Palestina döwleti üçin söz bermelidigini belledi.

Borrel “Halkara jemgýetçiliginiň we esasan Ýewropanyň parahatçylygy we howpsuzlygy üçin Ysraýyl-Palestina meselesiniň çözülmegi üçin ahlaky jogapkärçiligi bar” diýdi.

Borrel, Ysraýyl “iki döwetli çözgüdi” kabul etmän halatynda hem bu ugurdaky gepleşikleriň dowam etjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar