Gazadaky çaknyşyklarda 21 ysraýylly esger öldürildi

Ysraýylyň goşuny gabaw astyndaky Gaza zolagynda dowam edýän ýaragly çaknyşyklarda ýene-de 21 esgeriniň öldürilendigini habar berdi

2092331
Gazadaky çaknyşyklarda 21 ysraýylly esger öldürildi

Ysraýylyň goşunynyň metbugat geňeşçisi Daniel Hagari geçiren metugat ýygnagynda, Gazanyň orta zolagynda Ysraýylyň harby güýçlerine degişli tankyň raketalar bilen nyşana alynandygyny beýan etdi. 

Daniel Hagari şol mahal hüjümiň guralan wagty golaýdaky iki binada hem partlama bolandygyny we binalaryň çökendigini habar berdi. 

Ysraýylly esgerleriň partlamanyň bolan mahaly ady agzalan 2 binanyň içinde we golaýynda bolandygyny aýdan Daniel Hagari, hüjümde 21 esgeriň ölendigini we häzirki wagta çenli 10 esgeriň adynyň aýan edilendigini mälim etdi. 

Daniel Hagari ady agzalan binalarda başdan geçirilen partlamanyň Ysraýylyň harby güýçleri tarapyndan ýerleşdirilen partlaýjylardan bolup biljekdigini aýan etdi. 

Ysraýylyň goşuny entek soňky ýitgiler aýan edilmesede gury ýer hüjümleriniň başlan güni bolan 27-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyndaky çaknyşyklarda öldürilen ysraýylly esgerleriň sany 221-e ýetdi. 

7-nji oktýabrdan bäri Liwan serhedinde we Günbatar Şeriadaky çaknyşyklarda öldürilen ysraýylly esgerleriň sany jemi 556-a ýetdi. 

Beýleki tarapdan Ysraýylyň prezidenti Isaak Gersog şu gün irden Gaza zolagynda 21 ysraýylly esgeriň öldürilmegi sebäpli şu gün irdeniň çydap bolmajak derejede agyrlydygyny beýan etdi. 

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Gaza zolagynda 21 ysraýylly esgeriň öldürilmegi bilen baglanyşykly "hüjümleriň başlanyndan bäri iň kyn günleri başlaryndan geçirýändiklerini" aýtdy we Ysraýyl harby güýçlerinde waka bilen bagly derňew işiniň başladylandygyny aýtdy.

Goranmak ministri Ýoaw Gallant hem sosial media hasabyndan 21 ysraýylly esgeriň öldürilmegi bilen baglanyşykly beýanat berdi.

Gazadan gelen habar sebäpli şu gün irden olar üçin "kyn we agyryly" bolandygyny aýdan Gallant, öldürilen esgerleriň maşgalalaryna we garyndaşlaryna gynanç bildirdi.


Etiketkalar: #Ysraýyl , #esger , #ysraýylly , #Gaza

Degişli Habarlar