Ysraýyl Liwana Hüjüm Gurady

Hüjümde 1 adamyň ýogalandygy, 5 adamyň ýaralandygy nygtaldy.

2091508
Ysraýyl Liwana Hüjüm Gurady

Ysraýylyň Liwanyň günortasynda bir ulaga ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde 1 adamyň ýogalandygy, 5 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

Liwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, düýn ýurduň günortasynda ýerleşýän Kafra etrabynda Liwanyň harby gözegçilik merkeziniň golaýynda bir ulaga ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy. Hüjümde 1 adamyň ýogalandygy, 5 adamyň ýaralandygy nygtaldy.

Liwan-Ysraýyl serhedinden 8 kilometr alysda guralan hüjümde bir ulagyň dolulygyna ýanandygy, bir ulaga hem zeper ýetirlendigi nygtaldy.

Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň howpsuzlyk güýçlerine esaslanýan habarynda bolsa, hüjümde Hizbullaha agza 2 adamyň ýogalandygy, 1 adamyň bolsa gaçandygy bellenildi.



Degişli Habarlar