Eýranda bir esger 5 gullukdaşyny öldürdi

Eýranyň Kirman şäherinde esgerleriň biri 5 gullukdaşyny öldürdi

2091543
Eýranda bir esger 5 gullukdaşyny öldürdi

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň goşunynyň Günorta-gündogar sebitleýin ştabyň serkerdesi Emir Gulamaliýan: "Esgerlerimiziň biri ýatakhanadaky egindeşlerine ot açmagy netijesinde 5 adam ýogaldy" diýip habar berdi.

Hüjümiň näme sebäpli guralandygynyň entek anyklanmandygyny aýdan Emir Gulamaliýan gaçan hüjümçiniň tussag edilmegi üçin operasiýa başladylandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #gullukdaş , #esger , #Kirman , #Eýran

Degişli Habarlar