Germaniýa Ýewropadaky söweş howpy barada duýduryş berdi

Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius Ýewropadaky söweş howpy barada duýduryş berdi

2091032
Germaniýa Ýewropadaky söweş howpy barada duýduryş berdi

Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius wagtal-wagtal agzalyp geçilýän Ýewropadaky söweş howpy bilen baglanşykly: "Mümkin bolan we iň ýokary töwekgelçilik ssenarilerini seljerýäris. Bir zady anyk bilýäris: Ýewropada 30 ýylda görülmedik harby howp bilen ýene bir gezek ýüzbe-ýüzdüris" diýip belledi. 

Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius Tagesspiegel gazedine beren beýanatynda, häzirki wagtda rus hüjüminiň boljakdygyny pikir etmeýändiklerini belläp: "Kremlden her gün howplary eşidýäris, soňky gezek bolsa Baltik ýurtlaryndaky dostlarymyza garşy boluşy ýaly. Şol sebäpli Wladimir Putiniň günleriň birinde NATO agza ýurtlaryň birine hüjüm gurajakdygyny göz öňünde tutmalydyrys. Elbetde iň erbet ssenariýleri pikir etmek wezipämiz bar" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Ýewropa , #Germaniýa

Degişli Habarlar