Ysraýyl, Gazany Harabalyga Öwürmäge Dowam Edýär

Ysraýyl günde azyndan palestinaly 173 zenany we çagany öldürdi.

2090590
Ysraýyl, Gazany Harabalyga Öwürmäge Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşuny Gaza Sektoryna 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde günde azyndan palestinaly 173 zenany we çagany öldürdi.

Gazadaky hökümet tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň Gaza garşy 104 günden bäri guraýan hüjümlerinde 10 müň 800 çaga bilen 7 müň 250 zenanyň ýogalandygy nygtaldy.

Gazada häzire çenli 70-i zenan we çaga 7 müň adamyň harabalygyň aşagynda galandygy, hassahanalara 24 müň 620 adamyň jesediniň getirlendigi, 61 müň 830 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Ysraýylyň hüjümlerinde 70 müň ýaşaýyş jaýynyň dolulygyna ýykylandygy, 290 müň ýaşaýyş jaýyna hem zeper ýetirlendigi ýatladyldy.

Saglygy goraýyş pudagyny nyşana alýan Ysraýylyň saglygy goraýyş işgärlerinden 337 adamyň ýogalmagyna sebäp bolandygy nygtaldy.

Gazada 7-nji oktýabrdan bäri 119 žurnalistiň Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalandygyna üns çekildi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri 99 saglygy goraýyş işgärini we 9 žurnalisti ýesir aldy. 2,3 million ilaty bolan Gaza Sektorynda 2 million adam öýlerini terk etmeli boldy.

Wagtlaýyn merkezlerde ýaşaýan palestinaly 40 müň adamyň ýokanç keselleri zerarly hasaba alynandygy bellenildi.

Göwreli 60 müň zenan bilen derman ýetmezçiligi sebäpli kroniki 350 müň kesellä uly howpuň abanýandygy ýatladyldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň hökümete degişli 138 desga bilen 97 mekdebi we uniwersiteti ýer bilen ýegsan edendigi, 295 mekdep bilen uniwersitete hem zeper ýetirendigi bellenildi.

Ysraýyl Gazada 157 metjidi dolulygyna ýykdy, 246 metjide zeper ýetirdi, 3 buthananyň hem ýykylmagyna sebäp boldy.

Ysraýyl Gazada 150 saglygy goraýyş merkezini nyşana aldy, 53 saglygy goraýyş merkezi bilen 30 hassahanany hatardan çykardy, 122 tiz kömek ulagyny hem ulanylmajak ýagdaýa getirdi.

Ysraýyl Palestinanyň medeni mirasyny hem nyşana aldy. Hüjümler sebäpli Gazada 200 taryhy we medeni eser ýykyldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň 7-nji oktýabrda bäri Gaza 65 tonna partlaýjy maddasy bilen hüjüm gurandygyna üns çekildi.


Etiketkalar: #metjit , #hassahana , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar